15.04.2021
29.04.2021

BMGÖM Türkmenistanda kiçi grantlar üçin bäsdeşlik yglan edýär

Türkmenistandaky BMGÖM

ÝERLI DEREJEDE ÝÖRITE JEMGYÝETÇILIK HYZMATLARY SYNAG ETMEK BOÝUNÇA KIÇI GRANTLARY DURMUŞA GEÇIRMEK ÜÇIN TEKLIPLER

Türkmenistandaky BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Birleşen Milletler Guramasynyň we Türkmenistan Hökümetiniň “ýerli derejede ýokary hilli jemgyýetçilik hyzmatlary girizmek arkaly sosial gorag ulgamyny kämilleşdirmek” atly bilelikdäki maksatnamasynyň esasynda hasaba alnan hökümete degişli bolmadyk guramalary üç maksatly topar üçin ýerli derejede ýöriteleşdirilen jemgyýetçilik hyzmatlary synagdan geçirmek üçin kiçi grantlary durmuşa geçirmek bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar. Şol maksatlaryň içine resmi taýdan maýyplyk derejesi bolan adamlara, esasy ideglere mätäç ýalňyz garrylara we dowamly keselleri bolan adamlara, ýerli derejedäki jemgyýetçilik goldawy üpjün etmek we kyn durmuş ýagdaýlaryny ýeňip geçmäge kömek etmek maksady bilen garaşsyz durmuş, özüni üpjün etmek, hukuklaryň durmuşa geçirilmegi we jemgyýetiň durmuşyna doly gatnaşmaga goldaw bermek girýär.

Ýöriteleşdirilen jemgyýetçilik hyzmatlar üçin synag meýdançasy: Aşgabat şäheri.

Ýöriteleşdirilen jemgyýetçilik hyzmat aýratynlyklaryny almak üçin, ýüz tutujy ýazuw görnüşinde guljahan.gochova@undp.org elektron poçtasyna tabşyrjak öz meýil edýän ýöriteleşdirilen jemgyýetçilik hyzmatlaryň aýratyn görnüşlerini görkezip ýüz tutmaly.

Ýüz tutujy registr.tm@undp.org elektron poçta arkaly arza ugratmaly.

Has giňişleýin maglumat üçin aşakdaky ssylka giriň:

https://procurement-notices.undp.org/view_notice.cfm?notice_id=77454

Türkmenistandaky BMGÖM, Aşgabat, Türkmenistan
Bulary hem okaň
2022