23.04.2021
27.05.2021

“Türkmenstandartlary” gaz hasaplaýjylary barlaýan synag enjamyny satyn almak boýunça tender yglan edýär

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy garamagyndaky edaralara aşakdaky lotlar boýunça nusgalyk synag ölçeg enjamlaryny satyn almak boýunça tender yglan edýär.

Lot – Durmuş şertlerinde ulanylýan gaz hasaplaýjylary barlaýan nusgalyk synag ölçeg enjamlary.

  • Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.
  • Bäsleşik boýunça teklipler bukjada berilmeli.
  • Bukjada synag ölçeg enjamlary satyn almak boýunça işleriň we şol işleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan hyzmatlaryň maliýeleşdirilmegini milli manatda göz öňünde tutmaly.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda “Türkmenstandartlary" baş döwlet gullugynyň binasynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

95-73-49; 95-73-48, 95-73-47

Türkmenistan, Aşgabat, Oguzhan köçesi, 201
Bulary hem okaň