23.04.2021
02.05.2021

Çuansin Buraw Inženerçilik kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy tender yglan edýär

HMNK-nyň Çuansin Buraw Inženerçilik jogapkärçiligi çäkli kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy elektrik enjamlaryny satyn almak boýunça № DMWZ-ZB-2020-01 tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän kompaniýalar aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

  • tenderiň adyny we nomerini görkezmek bilen arza;
  • ähli gerekli tender işlerini ýerine ýetirmek hukugy boýunça ygtyýarlandyrylan wekiliň ynanç haty;
  • kompaniýanyň doly adyny, onuň hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini, esaslandyryjy we ygtyýar hatlarynyň nusgalaryny görkezmek bilen tendere gatnaşyjy barada gysgaça maglumat;
  • "Schneider" kompaniýasynyň elektrik enjamlaryny öndürmek üçin rugsady (HHR);
  • degişli önümleri satyn almak boýunça şertnamanyň göçürmesi we resminamalar (2018-nji ýyldan ýa-da ondan soňky döwürde Türkmenistanyň inžener önümleri üçin eksport şertnamasy, hasap-faktura, gaplama sanawy we faktura tabşyrmaly).

Arzalar we beýleki talap edilýän resminamalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama güni sagat 17.00 çenli ýazmaça görnüşde kabul edilýär. (blok B, kab № 405)

Elektron salgy:

ccdcttender@gmail.com;

Habarlaşmak üçin telefonlar:

Bahar +99362297575

Türkmenistan, Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/3
Bulary hem okaň
2022