05.05.2021
08.06.2021

“Türkmengaz” himiki reagentleri satyn almak boýunça tender yglan edýär

“Türkmengaz” döwlet konserni tender boýunça saýlap alýan toparyň adyndan Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawoda gerekli bolan serwis-tehniki hyzmatlary bermek, ätiýaçlyk şaýlary, himiki reagentler we beýleki materiallar bilen üpjün etmek boýunça halkara tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmengaz” DK edarasyna ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we alyp barýan işleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär)
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • GBS-i hasaba almak bilen 1725 amerikan dollary möçberde töleg tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Bellik: Bäsleşik resminamalarynyň doly bukjasy hasaba pul serişdelerini geçirilenden soň berilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

(+99312) 40-32-40

40-32-50 40-31-22

Faks:

(+99312) 40-32-59

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 56
Bulary hem okaň