10.05.2021
15.05.2021

Daşoguz welaýat häkimligi potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde çagalara niýetlenen döwrebap dynç alyş seýilgähini gurmak üçin potratçylary saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy baradaky maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2021-nji ýylyň 15-nji maýyna, her iş güni sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

9-03-02; 9-03-14;

Faks:

9-30-85

Türkmenistan, Daşoguz welaýat. Daşoguz şäheri
Bulary hem okaň
2022