15.05.2021
01.06.2021

“Türkmenhimiýa” ammiak selitrasyny satyn almak boýunça tender yglan edýär

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender esasynda üpjün edijileri kesgitleýän toparyň adyndan aşakdaky loty satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär:

Lot № 6 – Ammiak selitrasy.

Tendere gatnaşmak isleýänler “Türkmenhimiýa” DK ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da bank hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
  • "Türkmenhimiýa DK-ni material-tehniki serişdeler bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça halkara tenderleriniň geçiriliş düzgünleri" bilen tanyş bolmaly;
  • Lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
  • her bir lot üçin 200 (iki ýüz) amerikan dollary möçberde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) töleg töläp, tender resminamalarynyň bukjasyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Tender teklipleri her gün ýerli wagt bilen 9.00-17.00 aralygynda kabul edilýär.

Tender gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap, 15 (on bäş) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 10.00 çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

39-01-71

39-01-69

39-01-63

39-01-56

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
2022