"Demirýollary" demir ýol menzilini gurmak boýunça tender yglan edýär
"Demiryollary" Açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti territoriýany gowulandyrmak bilen Gökdepe etrabynda häzirki zaman demir ýol menziliniň taslamasyny düzmek we gurluşygy üçin
№ DÝ / AGPJ-016 AÇYK TENDER yglan edýär
Tendere gatnaşmak isleýänler “Demirýollary” AGPJ edarasyna ýüz tutup bilerler.
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri, şeýle hem dalaşgäriň hasaba alyş we düzgün resminamalary, ynanç haty we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
- lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
- lot üçin 2012 manat 50 t möçberde (şeýle hem 262 manat 50 t manat GBS) töleg töläp hasap belgisini almaly.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.
Bäsleşik teklipli bukjalar “Demirýollary” AGPJ-niň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar.
Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salga ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli “Demirýollary” AGPJ-niň edarasynda 1110 otagda (11-nji gat) kabul edilýär.
Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş günüň dowamyndai kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
(+99312) 38-31-03
38-31-04
Faks:
38-34-78