“Türkmenaragatnaşyk” agentligi ýaşaýyş jaýlara çiller enjamyny almak boýunça bäsleşik yglan edýar
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi şu aşakdaky lotlar boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär
Lot №1 — Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrundaky 202-nji ýaşaýyş jaýyna 2 (iki) sany çiller enjamyny satyn almak we gurnamak boýunça işleri geçirmek;
Lot №2 — Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrundaky 207-nji ýaşaýyş jaýyna 2 (iki) sany çiller enjamyny satyn almak we gurnamak işlerini geçirmek;
Lot №3 — Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň ugrundaky 88-nji jaýa 2 (iki) sany çiller enjamyny satyn almak we gurnamak boýunça işleri geçirmek.
— Bäsleşige gatnaşmak üçin töleg her Lota 200 amerikan dollary möçberinde (goşulan baha üçin salgyt hasaba alynmadyk) ýa-da degişlilikde, manat hümmetinde kesgitlenendir. Bäsleşige gatnaşmak üçin tölenen tölegler yzyna gaýtarylmaýar.
— Bäsleşik teklipleri bildirişiň çap edilen gününden başlap, 7-nji iýulda sagat 17:00-a çenli kabul edilýär.
— Bäsleşige gatnaşmak üçin töleg tabşyryklary hat üsti bilen ýüzlenilenden soňra berler.
— Bäsleşik tekliplerine tölegler hasaplaşyk hasabyna gelip gowşanyndan soňra serediler.
— Bäsleşik resminamalary iki bukjada kabul edilýär: täjirçilik teklibi (diňe tölegler baradaky maglumatlar) we tehniki teklip (beýleki ähli gerek bolan resminamalar toplumy).
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
(+99312) 44-91-92
Faks belgisi:
(+99312) 44-93-19
Elektron salgysy:
thowpmin@online.tm