18.06.2021
22.07.2021

“Türkmengaz” Metildietanolamin önümçilik desgasyny gurmak boýunça tender yglan edýar

“Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleri” hakyndaky kanunyna laýyklykda önümçiligi bölmek şerti bilen “Türkmengaz” Döwlet konserni kesgitleýän toparyň adyndan Balkan welaýatyndaky “Metildietanolamin önümçilik desgasynyň” taslamasyny düzmek we dolulygyna gurmak boýunça saýlama baradaky halkara tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin “Türkmengaz” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyş bolmaly.
  • “Türkmengaz” DK Daşary ykdysady gatnaşyklar bölüminden degişli tehniki talaplary we arza tabşyrmak üçin gerekli maglumatlary hem-de şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalary görkezilen salga ugratmaly.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

(+99312) 40-32-40, 40-32-50,

40-31-22, 40 32-14

Faks:

(+99312) 40-32-59

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
2022