19.06.2021
06.08.2021

Türkmenistanyň energetika ministrligi elektrik stansiýany gurmak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda 10 MWt kuwwatly gibrid gün we ýel elektrik stansiýasyny dolulygyna gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär.

Lot №1 - Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda 10 MWt kuwwatly gibrid gün we ýel elektrik stansiýasyny dolulygyna gurmak

Lot №2 - “Serdar” 220 kW podstansiýasyndan birzynjyrly 110 kW elektrik stansiýany gurmak üçin enjamlar we materiallar bilen üpjün etmek

Tendere gatnaşmak üçin Türkmenistanyň energetika ministrliginiň edarsyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip Türkmenistanyň energetika ministriniň adyna ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • tehniki talaplary Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň ösüş, täze tehnologiýalar we gurluşyk bölüminden almaly;
  • 1-nji lot üçin 1500 ABŞ dollar we 2-nji lot üçin 500 ABŞ dollar möçberde (goşulan baha üçin salgydy we bank töleglerini hasaba almazdan) tölegini töläp tender resminamalaryny almaly.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler 2021-nji ýylyň 6-njy awgust sagat 16:00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

37-94-31, 37-94-33

Türkmenistan, Aşgabat ş. k. 2022, 55
Bulary hem okaň