22.06.2021
26.07.2021

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky suwaryş ulgamyny gurnamak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky Aşgabat şäheriniň Gökdere — Arçabil şaýolunyň aralygynda ýerleşýän meýdanyň 50.07 gektar bag ekilen böleginde we şäheriň Ýalkym ýaşaýyş toplumynyň günorta tarapyndan banka bölünip berlen meýdanyň 44.28 gektar bag ekilen böleklerinde damjalaýyn usulda suwaryş ulgamyny gurnamak boýunça açyk görnüşli bäsleşigi yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar degişli maglumatlary bankyň merkezi edarasyndan sagat 9:00-dan 17:00-a çenli alyp bilerler.

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Telefon belgileri:

(+993 12) 40-64-41

40-62-58

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Garaşsyzlyk şaýoly 32
Bulary hem okaň
2022