25.06.2021
24.07.2021

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi lukmançylyk enjamlaryny satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça BÄSLEŞIK yglan edýär

Lot № 29 — Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherçesiniň dolandyryş müdirliginiň Saglygy dikeldiş merkezi hem-de anyklaýyş barlaghanasy üçin saglygy goraýyş maksatly we lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Lot № 30 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigine maýyplar hem-de çagalar üçin maýyplar arabalaryny satyn almak.

Lot № 31 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi üçin lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Lot № 32 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi üçin lukmançylyk serişdelerini satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, resminamalar toplumyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

40-04-79

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 20
Bulary hem okaň