06.07.2021
05.08.2021

«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi halkara tender yglan edýär

«Türkmendeňizderýaýollary» agentligi aşakdaky lotlar boýunça halkara tender yglan edýär:

Lot №-1 “Balkan” AGPJ-niň gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynda ürgün ýükleri we halkara standartlara laýyk gelýän konteýnerleri daşamak üçin niýetlenen, agramy 6100 tonna bolan gury ýük gämisini bilelikde gurmak;

Lot № 2 “Balkan” AGPJ-niň gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawodynda kuwwaty 4000–4500 kWt we takmynan kuwwaty 2000–2500 m3 / sagatda topragy gaýtadan işleýän bir läbik sorujyny bilelikde gurmak;

1. Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kärhananyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, elektron salgysy, telefon we faks belgileri, bank rekwizitleri, soňky üç ýylyň dowamynda kärhananyň maliýe ýagdaýy,iş tejribesi we işgärleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly
  • GBS-i hasaba almak bilen her lot üçin 500 amerikan dollary möçberde töleg töläp bäsleşik teklipli bukjalary almaly;

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 05 08 2021ý ýerli wagt bilen 16.00 çenli kabul edilýär.

2. Bäsleşik resminamalary iki möhürlenen bukjada: aýratyn tehniki we söwda teklipli bukjalary aşakda görkezilen salga tabşyrmaly.

3. «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi daläşgäriň bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary taýýarlamakda çykaran harajatlary üçin jogapkärçilik çekmeýär.

Diňe «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň talaplaryna laýyk gelýän dalaşgärlere tehniki talaplar beriler.

Goşmaça maglumatlar bilen «Türkmendeňizderýaýollary» agentligiň resmi saýtynda tanyşyp bilersiňiz www.tmrl.gov.tm

Telefon belgiler:

+993243 2-13-46

Faks:

2-62-51

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş.
Bulary hem okaň
2022