12.07.2021
20.07.2021

Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministrligi sadaka jaýyny gurmak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi  Mary welaýat häkimliginiň buýurmagynda Mary şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanynda täze 3000 orunlyk sadaka jaýyny gurmak boýunça tender yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar bildiriş çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 20-nji iýulyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

44-46-36, 44-46-64, 44-46-77.

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 84
Bulary hem okaň