15.07.2021
30.08.2021

“Türkmengaz” DK izobutan önümçilik blogy gurmak boýunça halkara tender yglan edýär

“Türkmenistanyň uglewodorod serişdeleri” hakyndaky kanunyna laýyklykda önümçiligi bölmek şerti bilen “Türkmengaz” Döwlet konserni kesgitleýän toparyň adyndan Ahal welaýatynda izobutan önümçilik blogyň taslamasyny düzmek we ony dolulygyna gurmak boýunça halkara tender yglan edýär

Tendere gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanuny bilen tanyş bolmaly.
  • “Türkmengaz” DK Daşary ykdysady gatnaşyklar bölüminden degişli tehniki talaplary we arza tabşyrmak üçin gerekli maglumatlary hem-de şertnamanyň esasy şertlerini almaly;

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalary görkezilen salga ugratmaly.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler:

(+99312) 40-32-40, 40-32-50;

40-31-22, 40 32-14.

Faks:

(+99312) 40-32-59

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
2022