17.07.2021
20.08.2021

"Demirýollary" AGPJ demir ýol menzilini gurmak boýunça tender yglan edýär

"Demiryollary" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Gökdepe etrabynda häzirki zaman demir ýol menziliniň taslamasyny düzmek, gurmak we oňa degişli meýdany abadanlaşdyrmak boýunça

№ DÝ / AGPJ-016 AÇYK TENDER yglan edýär

Tendere gatnaşmak isleýänler “Demirýollary” AGPJ edarasyna ýüz tutup bilerler.

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri, şeýle hem dalaşgäriň hasaba alyş we düzgün resminamalary, ynanç haty we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
  • bäsleşik teklipli bukjany almaly;
  • lot üçin 2012 manat 50 t möçberde (şeýle hem 262 manat 50 t manat GBS) töleg töläp hasap belgisini almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar “Demirýollary” AGPJ-niň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar.

Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salgy  boýunça ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli “Demirýollary” AGPJ-niň edarasynda 1110 otagda (11-nji gat) kabul edilýär.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

(+99312) 38-32-31

38-31-03

Faks:

38-32-70

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Türkmenbaşy şaýoly 7
Bulary hem okaň