19.07.2021
21.08.2021

TNGIZT awtomatiki dolandyryş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara tender yglan edýär

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri tender esasynda kesgitleýän toparyň adyndan Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda awtomatiki dolandyryş ulgamlaryny (ACS): polipropilen önümçilik zawodynyň (PPL) granulasiýa blogyny (ekstruder); В çalgy ýaglaryny (Lube Oil) öndürýän parafinleri aýyryş bölüminiň ammiak kompressorlaryny 710С60А / В; Türkmenbaşy nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 20-nji bölüminiň azot stansiýasynyň  guradyş blogyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işlerini ýerine ýetirmek boýunça halkara tender yglan edýär

Size Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň HYG bölüminde teklip edilýär:

  • bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we habarlaşmak üçin telefon belgileri görkezilen ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin satyn alyjylary saýlamak boýunça halkara bäsleşiklerini geçirmegiň Düzgünleri bilen tanyş bolmaly;
  • 1725 amerikan dollary möçberde tender tölegini töläp bäsleşik teklipli bukjany almaly

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden 30 (otuz) iş günleriniň dowamynda ýerli wagt bilen sagt 12:00 çenli kabul edilýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipleri görkezilen salga eltmeli, resminamalara hasap belgisine pul serişdeleri geçirilenden soňra serediler.

Söwda tekliplerini iki sany möhürlenen bukjada tabşyrmaly. Birinji bukjada tehniki häsiýetnamalar, ikinji bukjada bolsa söwda teklipleri görkezilen bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993243 9-60-48, 2-03-89

Faks:

+993243 2-11-49

Elektron salgysy:

tngizt@online.tm

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş.
Bulary hem okaň