31.07.2021
30.08.2021

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi lukmançylyk serişdelerini satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär:

Lot № 29 — Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherçesiniň dolandyryş müdirliginiň Saglygy dikeldiş merkezi hem-de anyklaýyş barlaghanasy üçin saglygy goraýyş maksatly we lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Lot № 37 — S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkezi üçin lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak

Lot № 38 — Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Daşoguz saglygy goraýyş we anyklaýyş merkezi üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, resminamalar toplumyny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

40-04-79

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 20
Bulary hem okaň