21.08.2021
13.09.2021

“Türkmenhowaýollary” agentligi halkara tender yglan edýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenhowaýollary” agentligi Balkan welaýatynyň Jebel şäherinde sagatda 100 ýolagçy gatnatmaga ukyply täze halkara howa menzil toplumynyň gurluşygyna gözegçilik etmek we halkara raýat awiasiýa guramasynyň (ICAO) ülňülerine  laýyklykda gurmak üçin maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça halkara tender yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmak üçin isleg bildirýäniň ýazmaça arzasy, doly ady, iş tejribesi, hukuk ýagdaýlary we bank rekwizitleri, arza berijiniň hasaba alyş we kanuny resminamalary, ynanç haty we pasport göçürmesi, telefon belgileri barada maglumatlary görkezmeli.
  • bäsleşige gatnaşmak üçin 500 ABŞ dollar möçberde(goşulan baha üçin salgydy we bank töleglerini hasaba almazdan) tölegini tölemeli. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.Bäsleşik teklipli bukjalar Türkmenhowaýollary” agentliginiň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar.

Bäsleşige degişli resminamalary “Türkmenhowaýollary” agentliginiň № 417, 437 otaglarynda almaly. Bäsleşik teklipli bukjalar ýerli wagt bilen 16:00-dan 18:00 çenli “Türkmenhowaýollary” agentliginde № 417, 437 otaglarynda kabul edilýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 20 iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipler kabul edilmeýär.

Bellik: ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär.

Telefon belgiler:

44-31-43; 44-30-38;

44-30-73; 44-31-91.

Türkmenistan, Aşgabat ş. A.Niýazow k. 326
Bulary hem okaň
2022