16.09.2021
08.10.2021

TNGIZT materiallary we enjamlary satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri tender boýunça toparyň adyndan Türkmenbaşy şäheriniň Ruhnama köçesinde düýpli gurluşyk işlerini geçirmek üçin dört sany 40 otagly we 12 gatly 72 otagly ýaşaýyş jaýlary, şeýle hem PS110 / 35 / 6kW "Ruhnama" podstansiýasy üçin materiallary we enjamlary satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär

Size Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň HYG bölüminde teklip edilýär:

  • bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we habarlaşmak üçin telefon belgileri görkezilen ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin satyn alyjylary saýlamak boýunça halkara bäsleşiklerini geçirmegiň Düzgünleri bilen tanyş bolmaly;
  • tehniki talaplary we spesifikasiýa almaly;
  • her bir lot üçin 575 amerikan dollary möçberde tölegi töläp bäsleşik resminamalaryny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden 20 (ýigrimi) iş günleriniň dowamynda ýerli wagt bilen 17.00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik tekliplerini görkezilen salga eltmeli, resminamalara hasap belgisine pul serişdeleri geçirilenden soňra serediler.

Tender tekliplerini iki sany möhürlenen bukjada tabşyrmaly. Birinji bukjada tehniki häsiýetnamalar, ikinji bukjada bolsa söwda teklibi bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 (243)  2-27-62

+993 (243)  9-66-79

Faks:

+993 (243) 2-45-44, 2-22-04

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş.
Bulary hem okaň
2022