18.09.2021
22.10.2021

TNGIZT düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça tender yglan edýär

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar bilen üpjün edijileri tender esasynda kesgitleýän toparyň adyndan MSCC kreking desgasyndaky 100-nji reaktor-regeneratiw bloguň futerowkalaryny, içerki enjamlaryny çalyşmak we düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça halkara tender yglan edýär

Size Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň HYG bölüminde teklip edilýär:

  • bäsleşige gatnaşmaklyga isleg bildirýän gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we habarlaşmak üçin telefon belgileri görkezilen ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • Türkmenistanyň nebitgaz toplumy üçin satyn alyjylary saýlamak boýunça halkara bäsleşiklerini geçirmegiň Düzgünleri bilen tanyş bolmaly;
  • tehniki talaplaryny almaly;
  • 1725 amerikan dollary möçberde tender tölegini tölemeli (GBS-i hasaba almka bilen).

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden 30 (otuz) iş günleriniň dowamynda ýerli wagt bilen 17.00 çenli kabul edilýär.

Bäsleşik tekliplerini görkezilen salga eltmeli, resminamalara hasap belgisine pul serişdeleri geçirilenden soňra serediler.

Söwda tekliplerini iki sany möhürlenen bukjada tabşyrmaly. Birinji bukjada tehniki häsiýetnamalar, ikinji bukjada bolsa hödürlenýän önümleriň bahalary bilen täjirçilik teklibi bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 (243) 9-61-27

+993 (243) 2-03-89

Faks:

+993 (243) 2-11-49

Elektron salgysy:

tngizt@online.tm

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş.
Bulary hem okaň