“Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy harytlary satyn almak boýunça tender yglan edýär
Şertnamanyň goşmaça Ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy manatda ýa-da ABŞ-nyň dollarynda aşakdaky harytlar bilen üpjün etmek boýunça tender yglan edýär:
Lot №1 (bölünmeýän) – kanselýariýa harytlary we kompýuter enjamlary
Lot №2 (bölünmeýän) – hojalyk himiýa serişdeleri
Lot №3 (bölünmeýän) – gurluşyk materiallary
Tendere gatnaşmak üçin “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);
- önüm üçin spesifikasiýa almaly.
Tendere gatnaşmak boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama günüň dowamynda ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik tekllipli bukjalar kabul edilmeýär.
Söwda teklipleri möhürlenen iki bukjada berilmeli (A we B bukja).
Habarlaşmak üçin telefonlar:
+993 222 6-43-66
Elektron salgysy:
b.halilulin@mail.ru