23.09.2021
02.10.2021

"PETRONAS Çarigali Türkmenistan” ätiýaçlandyryş hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça tender yglan edýär

"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy, Türkmenistanyň ähli ygtyýarly we kepillendirilen ätiýaçlandyryş kompaniýalaryny ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny bermek boýunça tendere gatnaşmaga çagyrýar:

Hyzmatlaryň beýany:

"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy üçin 1-nji blokda nebit amallaryny ätiýaçlandyryş programmasy bilen üpjün etmek üçin ýerli ätiýaçlandyryş kompaniýasyny bellemek.

Tendere gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky resminamalary taýýarlamaly:

  • tendere gatnaşmak üçin arza( hyzmatlaryň adyny hökman görkezmeli);
  • ätiýaçlandyryş hyzmatlary bilen üpjün etmek üçin kompaniýanyň Wekili tarapyndan gol çekilen, möhürlenen rugsat haty;
  • kompaniýanyň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginde hasaba alyş şahadatnamasynyň we ätiýaçlandyryş ygtyýarnamasynyň göçürmeleri;

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 (on) senenama günüň dowamynda iş wagtlarynda görkezilen salgy boýunça kabul edilýär.

Elektron salgysy:

tender.tkm12@petronas.com.my

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 81(Blok B)
Bulary hem okaň
2022