28.09.2021
12.10.2021

“Türkmengaz” DK açyk tender yglan edýär

Gyzyklanma bildirmek boýunça ýüztutma (Konsultatiw hyzmatlary / Audit)

Ýurt: Türkmenistan

Taslamanyň ady: Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygy

Konsultatiw hyzmatlary: TOPH gaz geçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň maliýe auditi

Maliýeleşdirme belgisi: TKM1007

“Türkmengaz” döwlet konserni, Yslam Ösüş Bankyndan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz turbageçirijisiniň gurluşygy üçin 350 million ABŞ dollary möçberinde maliýe serişdirlerini aldy we pul serişdeleriň bir bölegini konsultatiw audit hyzmatlary tölemek üçin gönükdirýär.

01.02.2019-da başlanan taslamanyň ähli döwrüniň audit barlagyny geçirmeli. Taslama aşakdaky şertleri öz içine alýar:

  • Lot 1 – Uzynlygy 241 km bolan gaz geçirijisini gurmak üçin gerekli harytlary satyn almak (219,206,765.38 ABŞ dollary);
  • Konsultatiw hyzmatlary bermek (13,147,504.80 ABŞ dollary);
  • Lot 2 - Uzynlygy 241 km bolan gaz geçirijisi üçin serwis enjamlaryny we awtomatiki dolandyryş ulgamyny (SCADA) satyn almak. (113,348,128.00 ABŞ dollary);

Şeýle hem hyzmatlaryň çäginde, taslamanyň maliýe hasaplamasyny geçirmeli we maliýe hasabaty taýýarlamaly hem-de taslamanyň durmuşa geçiriliş döwründe maliýe hasabatlarynyň Türkmenistanda hereket edýän kanunlarynyň we kadalarynyň şertlerine laýyk gelýändigi barada hasabat bermeli.

Giňişleýin tehniki talaplary görkezilen salgyda alyp bolýar.

“Türkmengaz” döwlet konserni, ähli ygtyýarly konsalting kompaniýalary konsultatiw hyzmatlaryny bermek boýunça gyzyklanma bildirmäge çagyrýar. Gyzyklanýan taraplar, konsultatiw hyzmatlary bermek üçin doly maglumatlary (broşýuralar, bu ugurda alnyp baran taslmalar boýunça tejribesi, umumy alyp baran işi we talabalaýyk tejribeli işgärleriň we ş.m.) görkezmelidir. Auditor Yslam ösüş bankynyň agza ýurtlarynyň halkara auditorlaryň gysga sanawyndan ýa-da ýerli ygtyýarly audit kompaniýalaryndan saýlanar.

Dalaşgärlere bildirilýän talaplar:

  • Iş tejribesi - bu ugurda azyndan 5 ýyl bolmaly;
  • Gyzyklanýan auditorlar maliýe auditi geçirmekde tejribesi bolmaly, hususan-da köpugurly ösüş banklar ýa-da islendik halkara guramalar tarapyndan maliýeleşdirilen azyndan bir taslama üçin audit hasabatyny taýýarlamakda tejribesi bolmaly.

Yslam ösüş bankynyň satuw boýunça tertipnamasynyň 1.23 we 1.24- nji paragraflarynda görkezilen Yslam ösüş bankyň bähbitleriň çaknyşygy baradaky syýasaty beýan edilen. Dalaşgärler hökmany suratda bankyň bähbitleriň çaknyşygy baradaky syýasaty bilen tanyşmalydyr.

Konsultantlar hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin beýleki firmalar bilen hyzmatdaşlyk edip bilerler, ýöne kärhananyň hukuk guramaçylyk görnüşini, ýagny bilelikdäki kärhanamy ýa-da golçur kärhanadygyny anyk görkezmeli.Eger-de bilelikdäki kärhana bolan halatynda, bilelikdäki kärhananyň ähli hyzmatdaşlary şertnama üçin bilelikde deň jogapkärçilik çekýärler.

Konsultant iň arzan baha saýlaw (LCS) usulyna laýyklykda saýlanar.

Gyzyklanýan taraplar giňişleýin maglumaty görkezilen salgyda iş wagtynda - 09: 00-dan 17: 00-a çenli (ýerli wagtda) alyp bilerler.

Gyzyklanma bildirmek boýunça ýüztutmalary ýazmaça görnüşde oktýabr aýynyň 12-ne çenli  görkezilen salgy boýunça (şahsy, poçta, faks ýa-da elektron poçta arkaly) tabşyrmaly.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +993 12 95-76-93

Faks: +993 12 95-76-93

Elektron salgysy: tapipmu@online.tm

Web saýty: oilgas.gov.tm

744028, Türkmenistan, Aşgabat ş, Oguzhan köçesi, 189
Bulary hem okaň
2022