02.10.2021
05.11.2021

“Demirýollary” AGPJ maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça tender yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti maddy-tehniki serişdeleri satyn almak üçin aşakdaky lotlar boýunça gaýtadan №DÝ/AGPJ-017 açyk halkara tender yglan edýär:

Lot №1 – Sim 3 VR-1500

Lot №2 – TEM-18 kysymly teplowozlar üçin atiýaçlyk şaýlary

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri barada maglumatlary görkezip, dalaşgäriň hasaba alyş we tertipnama resminamalaryny, ynanç haty we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
  • tender resminamalarynyň bukjasyny almaly;

Lot üçin 575 amerikan dollary möçberde (şol sanda 75 amerikan dollary - GBS) tölegi tölemeli.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik teklipli bukjalar “Demirýollary” AGPJ-niň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanýar.

Bellik: ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan bäsleşik resminamalary kabul edilmeýär

Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) görkezilen salgyda ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli “Demirýollary” AGPJ-niň edarasynda 55 otagda (11-nji gat) kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

(+99312) 38-34-78

(+99312) 38-36-00

Faks:

38-31-03

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Türkmenbaşy şaýoly 7
Bulary hem okaň
2022