02.10.2021
30.10.2021

Mary welýatynyň “Mary” köpugurly söwda bazary tender yglan edýär

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Mary welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň “Mary” köpugurly söwda bazary Mary şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Magtymguly söwda bazaryny (binanyň tutýan meýdany 0.23 gektar we iki (2) gatdan ybarat) täzeden gurmak boýunça tender yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänlerden şu maglumatlar talap edilýär:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy baradaky maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
  • soňky 3 ýylyň içinde Türkmenistanda ýerine ýetiren gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 30-yna sagat 9:00-dan-18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

6-00-62

6-78-77

Turkmenistan, Mary.ş
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022