07.10.2021
10.11.2021

“Türkmennebit” DK açyk tender yglan edýär

“Türkmennebit” döwlet konserni tender toparyň adyndan aşakda görkezilen lot boýunça

№13 açyk tender yglan edýär:

Lot – Goturdepe ýatagynyň sektorlaýyn 3D sanly geologiki we gidrodinamiki modellerini gurmak we monitoring geçirmek

Bäsleşige gatnaşmak üçin “Türkmennebit” DK binasyna ýüz tutup bilersiňiz:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär);
  • "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünleri" we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 1725 amerikan dollary (şol sanda GBS-i) möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde tölegi tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Bäsleşige gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 16.00-a çenli kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipler kabul edilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, doly bäsleşik teklibi görkezilen, möhür bilen kepillendirilen bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň elektron görnüşi, şertnamanyň esasy häsiýetnamasy (Word görnüşde) we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Habarlaşmak üçin belgiler:

40-39-77

40-36-36 

40-39-60

Faks:

40-39-39

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 56
Bulary hem okaň
2022