“Türkmenhimiýa” DK maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tender toparyň adyndan “Bereket” ýod zawody üçin aşakda görkezilen lotlar boýunça harytlary satyn almak üçin halkara tender yglan edýär:
Lot №1 – Turbalar we metal önümleri
Lot №2 – Umumy we tehnologiki enjamlar
Lot №3 – Elektrotehniki we ölçeg enjamlar
Lot №4 – Awtoulag, ýörite tehnika
Lot №5 – Himiýa önümleri we kömekçi materiallar
Lot №6 – Beýlekiler
Bäsleşige gatnaşmak üçin:
- bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan bäsleşik resminamalary kabul edilmeýär);
- "Türkmenhimiýa" DK üçin maddy-tehniki harytlar bilen üpjün edijileri we potratçylary saýlap almak boýunça halkara bäsleşiklerini geçirmegiň Düzgünleri bilen tanyş bolmaly;
- lotuň häsiýetnamasyny we bäsleşigiň tehniki talaplaryny almaly;
- bäsleşige gatnaşmak üçin her Lot üçin 200 (iki ýüz) amerikan dollary möçberinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölegi töläp, bäsleşik resminamalaryny almaly.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.
Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş günüň dowamynda ýerli wagt bilen sagat 10.00-a çenli kabul edilýär.
Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipler kabul edilmeýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
39-01-71
39-01-69