15.10.2021
13.11.2021

Dokma senagaty ministrligi bölekleýin enjamlaşdyryş işlerini geçirmek boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egirme fabriginde bölekleýin enjamlaşdyryş işlerini geçirmek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde nah ýüplük önümçiliginiň tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan, ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, ýazmaça talapnama bermeli;
  • bäsleşigiň düzgünleri bilen tanyşmaly;
  • tehniki tabşyrygy almaly;
  • getiriljek enjamlaryň hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen, täjirçilik teklibini düzüp tabşyrmaly;
  • bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin ABŞ-nyň 345 (üç ýüz kyrk bäş) dollaryny, şol sanda 15 göterim GBS tölemeli.

Bäsleşik teklipleri hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra serediljekdir.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

40-71-77

40-71-57

40-71-63

Türkmenistan, Aşgabat ş., Garaşsyzlyk şaýoly, 96
Bulary hem okaň