19.10.2021
30.10.2021

Türkmenistanyň Bilim ministrligi damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Aşgabat şäheriniň Köpetdag şaýolunyň demirgazyk tarapynda «Türkmenatlary» döwlet birleşiginiň aýlawly çapuw ýodasynyň daş-töwereginden bölünip berlen 309,83 gektar ýer böleginde ekilen bag nahallaryny suwarmak üçin damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamak boýunça potratçyny saýlap almak maksady bilen bäsleşik yglan edýär

Ähli gyzyklanýan ýerli guramalar, kärhanalar we telekeçiler tassyklanylan tehniki tabşyrygy almak üçin Bilim ministrligine ýüz tutup bilerler.

Bäsleşik teklipleri 2021-nji ýylyň 30-njy oktýabryna, sagat 12:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

44-86-04

44-86-05

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 104-nji jaýy
Bulary hem okaň