21.10.2021
25.10.2021

Daşoguz welaýat häkimligi düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek boýunça tender yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi Daşoguz şäheriniň 2-nji Ýaýla köçesiniň 212-nji jaýynda düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy baradaky maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
  • häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk işleri barada maglumat.

Bäsleşik teklipleri 2021-nji ýylyň 25-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

9-03-02

9-03-14

Faks:

9-30-85

Türkmenistan, Daşoguz welaýat. Daşoguz şäheri
Bulary hem okaň