27.10.2021
17.11.2021

Aşgabat şäher häkimligi suw geçiriji ulgamyny gurmak boýunça tender yglan edýär

Aşgabat şäher häkimligi Gämi şäherçesiniň demirgazyk tarapynda ýerleşýän suw arassalaýjy desgadan şäheriň 11-nji kiçi etrapçasynyň günorta-gündogarynda ýerleşýän “Gündogar” ätiýaçlyk suw howuzlar toplumyna çenli suw geçiriji ulgamy gurmak üçin potratçyny saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýüztutmalary 2021-nji ýylyň 17-nji noýabryna çenli kabul edilýär.

Töleg hasaplaşygy işler ýerine ýetirilenden soň geçiriler.

Bäsleşik şu ýylyň 24-nji noýabrynda geçiriler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary şäher häkimliginden alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

92-56-24

Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 17-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022