28.10.2021
26.11.2021

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi lukmançylyk enjamlaryny satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça tender yglan edýär:

Lot №39 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak

Lot №40 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşiginе degişli saglygy goraýyş edaralarynyň lukmançylyk enjamlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak

Lot №44 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi üçin lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak

Lot №46 — Aşgabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy üçin barlaghana enjamlaryny hem-de serişdeleri satyn almak

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, resminamalar toplumyny almaly. Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap arza tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

40-04-79

Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022