29.10.2021
02.12.2021

“Demirýollary” AGPJ açyk tender yglan edýär

“Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenbaşy myhmanhanasynyň ýangyn howpsuzlyk we wideo gözegçilik ulgamlaryny täzelemek hem-de düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça

№DÝ/AGPJ-010 açyk tender yglan edýär

Tendere gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri, şeýle hem dalaşgäriň hasaba alyş resminamalary, ynanç haty we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • lotuň häsiýetnamasyny we degişli tehniki talaplary almaly;
  • tender resminamalarynyň bukjasyny almaly;

Bäsleşige gatnaşmak üçin 2012 manat 50 teňňe möçberde (şol sanda 262 manat 50 teňňe GBS) töleg tölemeli.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär. Bäsleşik teklipli bukjalar “Demirýollary” AGPJ-niň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilýär.

Bäsleşik resminamalary iki aýratyn bukjada (tehniki we söwda teklipler) ýerli wagt bilen 9.00-dan 18.00-a çenli “Demirýollary” AGPJ-niň edarasynda 55-nji otagda (11-nji gat) kabul edilýär.

Tendere gatnaşmak üçin teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

(+99312) 38-36-00

(+99312) 38-31-04

Faks:

38-32-70

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Türkmenbaşy şaýoly 7
Bulary hem okaň
2022