22.11.2021
21.12.2021

"Türkmenhimiýa" DK karbamid-formaldegid konsentratyny öndürýän desgany gurmak boýunça halkara tender yglan edýär

“Türkmenhimiýa” Döwlet konserni tender toparynyň adyndan, Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawodynyň düzümine girýän, ýylda 20 000 tonna kuwwatly UF-85 karbamid-formaldegid konsentraty öndürýän desganyň taslamasyny düzmek we ony doly gurmak boýunça halkara tender yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin GBS-i hasaba almak bilen 1150 (bir müň bir ýüz elli) amerikan dollary möçberde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny Türkmenistanyň Merkezi bankynyň walýuta kursy boýunça manat görnüşinde (Türkmenistandaky gatnaşyjylar üçin) töleg töläp, tender resminamalaryny almaly.

Bäsleşik teklipli bukjalar hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilip başlanýar.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+99312) 39-01-62

(+99312) 39-01-58

Faks:

39-01-65

Elektron salgysy:

th.gurlushyk@online.tm

Türkmenistan, ş.Aşgabat, Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň