25.11.2021
06.12.2021

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi halkara tenderiň möhledini uzaldýar

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi “Türkmen demir önümleri” döwlet kärhanasy üçin açyk halkara tenderiň möhledini uzaldýar

Lot №2 – Metal önümleri bilen üpjün etmek

Lot №3 – Himiki, ýangyna çydamly we sarp ediş serişdeleri, hem-de ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek

Ähli gyzyklanma bildirýän taraplar Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine ýüz tutup bilerler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen her Lot üçin 500 amerikan dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde töleg tölemeli.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 10 (on) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipler kabul edilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, bäsleşik teklipli bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.

Bäsleşik resminamalary aýratyn iki bukjada kabul edilýär: söwda (söwda teklipli bukja diňe nyrh häsiýetnamasy girýär) we tehniki (tehniki teklipli bukja beýleki gerekli resminamalar girýär).

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

39-00-19

39-00-17

39-00-21

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
2022