Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tender yglan edýär
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi güýjenmesi 110/35/6 kW bolan elektrik bekedini gurnamak üçin esasy enjamlary we materiallary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Degişli rugsatnamasy bolan, bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýuridik taraplar, hususy telekeçiler ýazmaça arza tabşyryp, bäsleşik resminamalaryny almaly.
Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.
Degişli bäsleşik resminamalaryny bildiriş çap edilen gününden başlap, 15 iş gününiň dowamynda alyp bilersiňiz.
Enjamlary we materiallary satyn almagyň maliýeleşdirilmegi milli manatda göz öňünde tutulmaly.
Bäsleşik boýunça teklipler 2021-nji ýylyň 23-nji dekabryna, sagat 17.00-a çenli görkezilen salgy boýunça kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
44-64-21
44-62-44
Faks:
44-65-08
Elektron salgysy:
sowda.min.12@online.tm