01.12.2021
06.12.2021

Aşgabat şäher häkimligi suw geçiriji ulgamy gurmak boýunça tenderiň möhledini uzaldýar

Aşgabat şäher häkimligi Gämi şäherçesiniň demirgazyk tarapynda ýerleşýän suw arassalaýjy desgadan şäheriň 11-nji kiçi etrapçasynyň günorta-gündogarynda ýerleşýän “Gündogar” ätiýaçlyk suw howuzlar toplumyna çenli suw geçiriji ulgamy gurmak üçin potratçyny saýlap-seçip almak boýunça bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýüztutmalary 2021-nji ýylyň 6-njy dekabryna çenli kabul edilýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary şäher häkimliginden alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

92-56-24

Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 17-nji jaýy
Bulary hem okaň
2022