06.01.2022
09.02.2022

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi agaç galyndylaryny gaýtadan işleýän kärhanany gurmak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýyllyk kuwwady 20000 m3 barabar bolan agaç galyndylaryny gaýtadan işleýän kärhanany gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy we bank rekwizitleri, şeýle hem dalaşgäriň hasaba alyş resminamalaryny, ynanç hatyny we pasportynyň nusgasyny goşup ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly
  • bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen 575 ABŞ dollary möçberinde (şol sanda 75 ABŞ dollary –GBS-i üçin töleg) ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde töleg tölemeli.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipler kabul edilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, bäsleşik teklipli bukja görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilip başlanar.

Bäsleşik resminamalary aýratyn iki bukjada kabul edilýär: söwda (söwda teklipli bukja diňe nyrh häsiýetnamasy girýär) we tehniki (tehniki teklipli bukja beýleki gerekli resminamalar girýär).

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

39-00-19

39-00-17

39-00-21

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 132
Bulary hem okaň
2022