06.01.2022
10.01.2022

Balkan welaýatynyň Serdar şäher häkimligi ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy boýunça tender yglan edýär

Balkan welaýatynyň Serdar şäher häkimligi Serdar şäherinde köpýyllyk bank karzlarynyň hasabyna 2 gatly, 1 öýli, 5 otagly, 3 görnüşli ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin potratçyny seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri 2022-nji ýylyň 10-njy ýanwaryna, sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

(800246) 5-03-06

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Serdar ş., Türkmenbaşy köçesi, 3-nji jaý
Bulary hem okaň
2022