13.01.2022
22.01.2022

“Hazar” konsorsiumy tehniki hyzmatlaryny bermek boýunça tender yglan edýär

“Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinden hem-de "Mitro International Limited" kompaniýalaryndan ybarat bolan, öz işini "Hazar" şertnamalaýyn territoriýasynyň çäklerinde (Gündogar Çeleken meýdançasy) önümleri paýlaşmak şertnamasynyň esasynda alyp barýan “Hazar” konsorsiumy aşakdaky arza esasynda tender yglan edýär:

Lot №1 – Gündogar Çeleken meýdançasynda “Новомет-Пермь” kärhanasy tarapyndan öndürilen elektik soruja (ЭЦН) tehniki hyzmatlaryny bermek we abatlaýyş işlerini geçirmek

Tendere gatnaşmak üçin bildiriş çap edilen gününden 10 senenama gününiň dowamynda (ýerli wagt bilen 18.00 çenli) aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:

  • 250 (iki ýüz elli) ABŞ dollary möçberinde tender tölegini tölemeli. "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda GBüS töleginden boşadylýar.
  • Bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgariň ýazmaça arzasy;
  • Bäsleşigiň şertlerini we lotuň spesifikasiýasyny almaly. Bäsleşigiň şertlerini almak üçin bäsleşige gatnaşmak üçin dalaşgäriň tender töleginiň tölelenendigini tassyklaýan resminamany, ýazmaça arzasyny (kärhana barada gysgaça maglumatlary we elektron poçtanyň salgylaryny görkezip, ygtyýarlandyrylan wekiliň goly we kompaniýanyň möhüri bilen tassyklanan erkin görnüşde) tabşyrmaly

Tender tölegi tölemek üçin rekwizitleri: kompaniýanyň şahamçasy MITRO INTERNATIONAL LIMITED TURKMENISTAN  walýuta hasaby 232 030 002 201 849 001 69000 TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET DAŞARY YKDYSADY IŞ BANKY salgyt kody 302 341 000 023

kor hasaby 211 018 401 101 001 0000 3000 MFO 390 101 201

SWIFT: SBFETM 22. Bank çykdajylary – dalaşgariň öz hasabyna.

Giňişleýin maglumatlar, arzanyň mazmuny bilen tanyşmak hem-de arzalary almak şu salgylar boýunça amala aşyrylýar:

1. 745100, Türkmenistan, ş.Balkanabat, Atamyrat Annanyýaz ogly köçesi, 216-njy kwartal, “Hazar” konsorsiumyň edarasy.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 62 59 22 31

+993 61 76 54 88

2. 109147, RF, Moskwa, Marksistaýa köçesi, 14/16-njy jaý, 1-nji bina, «Mitro International Limited» Kompaniýasynyň Moskwadaky wekilligi.

Habarlaşmak üçin telefon:

+7 495 788 55 60

Faks:

+7 495 748 32 31

Elektron salgysy:

mitro13@mitromos.com; sergey.radko@mitromos.com; marketing@mitromos.com.

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat ş
Bulary hem okaň
2022