19.01.2022
28.01.2022

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy kompressorlary abatlamak we olara tehniki hyzmat bermek boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy deslapky kwalifikasiýa saýlawyny geçirmek üçin “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn territoriýasyndaky Samandepe meýdançasyndaky, ГДЗ-1 и ГПЗ-1, ГПЗ-2 desgalaryndaky kompressorlary abatlamak we olara tehniki hyzmat bermek boýunça №CIT-20095-SR belgili tender yglan edýär

Bu tender prosesi aşakdaky hyzmaty öz içine alýar:

Samandepe meýdancasynda, ГДЗ-1 desgasyndaky tebigy gaz üçin kompressorlara we ГПЗ-1 we ГПЗ-2 desgalarynda ýerleşýän regenerasiýa gaz kompressorlara tehniki hyzmat bermeli. Öndüriji tarapyndan berlen tehniki gollanmanyň talaplaryna laýyklykda, ýakyn wagtda bu kompressorlary abatlamaly we olara tehniki hyzmat bermeli hem-de şertnama laýyklykda bu işleri geçirmek üçin gerekli ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almaly.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakdaky görkezilen maglumatlary we resminamalary iňlis ýa-da rus dilinde taýynlap tendere gatnaşyp biler:

  • tenderiň adyny we tertip belgisini görkezmek bilen tendere gatnaşmak üçin arza;
  • kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, rekwizitleri, telefon belgileri we kärhananyň esaslandyryş resminamalary barada gysgaça maglumat;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda maliýe ýagdaýy we audit maglumatlary;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda bu ugurdaky iş tejribesi,
  • Ýerli kompaniýalar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bellige alyş şahadatnamasynyň göçürmesini tabşyrmaly.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 10 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Arzalar görkezilen salgy boýunça kabul edilýär ýa-da elektron salga (elektron resminamalaryň göwrümi 10MB geçmeli däl) ugradyp bolýar.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Elektron salgysy:

Narine.Simonyan@cnpcag.com

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993-12-44-54-34

Faks:

+993-12-44-50-44

Türkmenistan, Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022