26.01.2022
01.03.2022

“Halkbank” PTB-y audit barlagyny geçirmek boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky 2021-nji ýylyň netijesi boýunça maliýe hasabatlarynyň halkara standartlaryna laýyklykda audit barlagyny geçirmek maksady bilen, halkara auditor kompaniýasyny saýlap-seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmaga karz edaralar bilen maliýe hasabatlarynyň halkara standartlaryna laýyklykda audit barlagyny Türkmenistanyň täjirçilik banklarynda hem-de halkara derejede geçirmekde tejribesi we bu ugurda ygtyýarnamasy bar bolan, ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň hilini kepillendirýän edara görnüşli taraplar çagyrylýar.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş günüň dowamynda ýapyk bukjada kabul edilýär.

Telefon belgileri:

+993 12 44-49-05

+993 12 44-49-14

Elektron salgysy:

info@halkbank.gov.tm

Aşgabat ş, A.Nyýazow şaýoly, 154
Bulary hem okaň
2022