26.01.2022
10.03.2022

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamak boýunça tender yglan edýär

“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy damjalaýyn suwaryş ulgamynyň taslamasyny düzmek, ony enjamlaşdyryp gurnamak we ulanyşa bermek boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermeli we bäsleşige degişli resminamalary almaly.

Bäsleşik boýunça teklipler iki sany bukjada berilmeli. Birinji bukjada doly tehniki häsiýetler, ikinji bukjada teklip edilýän bahalar görkezilmeli.

Gurnamak boýunça işleriň we şol işleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan enjamlaryň, hyzmatlaryň maliýeleşdirilmegini milli manatda göz öňünde tutmaly.

Teklipler 2022-nji ýylyň 10-njy martyna, sagat 18-00 çenli “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň edara binasynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+99312) 39-25-11

(+99312) 39-25-84

(+99312) 39-25-65

Aşgabat ş.,Oguz han köçesi, 201
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022