28.01.2022
03.03.2022

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi halkara tender yglan edýär

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär:

Lot №1 - Bugdaý tohumyny zyýansyzlandyryş serişdeler

Lot №2 - Gowaça zyýankeşlerine garşy insektisidler, gowaça sowkasy we feromon duzagy, gowaça defolianty, gowaça ösüşini sazlaýjy serişdeler, karantin çäreleri üçin feromon duzagy

Lot №3 – Şeker şugundyrynyň tohumy

Lot №4 – Köpýyllyk haşal otlara (gamyş) garşy gerbisidler

Basleşige gatnaşmak üçin:

  • gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesinde agzalygy baradaky maglumatlary görkezip, bäsleşige gatnaşmak üçin arza tabşyrmaly;
  • “Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi üçin himiki serişdeler bilen üpjün edijileri, potratçylary saýlamak boýunça tender geçirmegiň düzgünleri” bilen tanyş bolmaly;
  • her lot üçin tender tölegi tölenenden soň, bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almaly;
  • bäsleşigiň tehniki talaplaryny we lotlaryň spesifikasiýasyny almaly.

Bäsleşik teklipleri ministrligiň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soňra seljeriler.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar ýerli wagt bilen sagat 9:00-dan 17:00-a çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş günüň dowamynda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+99312) 44-77-47

(+99312) 94-74-64

Elektron salgysy:

minagri@online.tm

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92
Bulary hem okaň
2022