02.02.2022
26.03.2022

Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti sorujylary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça tender yglan edýär

Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky döwlet komiteti potratçylary bäsleşik esasynda kesgitleýän tender toparyň adyndan aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça halkara tender yglan edýär:

Lot №1 – Sorujy enjamlar we olaryň ätiýaçlyk şaýlary.

Lot №2 – Elektrik enjamlar, kabel önümler we materiallar.

Lot №3 – Rulmanlar (podşipnik), metal önümleri, kebşirleýiş enjamlary. guýma önümleri

Lot №4 – “FLYGT” haryt nyşanly elektrik hereketlendirijili wertikal sorujylar we olaryň ätiýaçlyk şaýlary

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, bellige alnan ýurdy we rekwizitleri görkezmek bilen ýazmaça arza tabşyrmaly;
  • her bir lot üçin 15% GBS-i hasaba almak bilen 460 ABŞ dollary ýa-da 1610 manat möçberinde tölegi tölemek üçin hasap belgisini almaly;
  • her bir lot üçin 15% GBS-i hasaba almak bilen 460 ABŞ dollary ýa-da 1610 manat möçberinde tölegi töläp, bäsleşik resminamalaryň doly toiplumyny almaly.

Ýazmaça arzany Türkmenistanyň suw hojalygy baradaky döwlet komitetine ugratmaly.

Tendere gatnaşyjylary hasaba almak, hasaplary we tender resminamalarnyň bukjasyny bermek, arzalaryň kabul edilişigi 426, 424-nji otagda ýerli wagt bilen 16.00-18-00-a çenli geçirilýär.

Bäsleşik teklipleri görkezilen salgy boýunça 26.03.2022 ýerli wagt bilen 18.00 çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

44-83-60

44-83-27

44-83-11

Türkmenistan, Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022