22.04.2022
26.05.2022

TNGIZT enjamlary satyn almak boýunça tenderiň möhledini uzaldýar

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny harytlar we hyzmatlar bilen üpjün edijileri (potratçylary) tender esasynda kesgitleýän toparyň adyndan gerekli enjamlar, materiallar bilen üpjün etmek hem-de TNGIZT-iň dizel ýangyjyny gidroarassalaýyş desgasynyň 500-nji blogynyň tehnologiki enjamlaryny gurnamak, bejermek, synagdan geçirmek we işe girizmek boýunça halkara tenderiň möhledini uzaldýar

Bäsleşige gatnaşmak üçin:

  • bäsleşige gatnaşyjynyň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri we habarlaşmak üçin telefon belgileri görkezilen ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly;
  • Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny maddy-tehniki serişdeler bilen üpjün edijileri saýlap-seçip almak boýunça bäsleşikleri geçirmegiň Düzgünleri bilen tanyş bolmaly;
  • bäsleşigiň tehniki talaplaryny we spesifikasiýany almaly;
  • her bir lot üçin 1725 amerikan dollary möçberde tölegi töläp, bäsleşik resminamalaryny almaly.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylan mahaly habar berilýär.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen pursatyndan başlap, 30 iş günleriň dowamynda ýerli wagt bilen 12.00-a çenli kabul edilýär.

Bäsleşik teklipleri hasaba pul serişdeleri geçirilenden soňra seljerilýär.

Tender tekliplerini iki sany möhürlenen bukjada tabşyrmaly. Birinji bukjada tehniki häsiýetnamalar, ikinji bukjada bolsa söwda teklibi bolmaly.

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+993 (243) 2-03-89

+993 (243) 9-60-48

Faks:

+993 (243) 2-11-49

Elektron salgysy:

tngizt@online.tm

Türkmenistan, Balkan welaýaty, Türkmenbaşy ş.
Bulary hem okaň
2022