13.05.2022
26.05.2022

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy tebigy gazy gysyjy desgalary gurmak boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Türkmenistanyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň “B” blogunyň çägindäki merkezi gaz ýataklarynda tebigy gazy gysyjy desgalaryň taslamasyny düzmek, olaryň gurluşygy üçin gerekli harytlary satyn almak, gurmak we işe girizmek boýunça № CIT-21083-SR belgili tender yglan edýär

Taslamany düzmek, gerekli harytlary satyn almak, desgalary işe girizmek, iş kommisiýasy bilen synag geçirmek, buýrujynyň işgärlerini taýýarlamak, döwlet tarapyndan desganyň kabul edilşigini, desganyň işine 1 ýyllyk kepillik bermek taslama boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň hataryna girýär. Şonuň içinde:

  • Tebigy gazy gysyjy stansiýa - 4000kW elektrik hereketlendirijili porşenli komspressorlaryň 8 toplumyny hem-de beýleki tehnologiki enjamlary, şol sanda önümçilik separatorlary, süzgüç separatorlary, ýerüsti howa sowadyjylary, üç fazaly separatorlary, ýag rezerwuarlary, ýag sorujylary öz içine almalydyr.
  • Gazy gaýtadan işleýän zawodynyň (GGIZ-2) gaz ýygnaýjy gurluşyny giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak.
  • 35 kW podstansiýa.
  • 900m3/s kuwwatly önümçilik suw arassalaýyş desgalary.
  • Ila-21 guýy stansiýasyny giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak.
  • Girsan gaz ýygnaýjy stansiýasyny giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak.
  • Bota-Taňyguýy-Uzynguýy gaz ýygnaýjy stansiýasyny giňeltmek we döwrebaplaşdyrmak.
  • Inžener-tehniki üpjünçilik ulgamlary, ýagny awtomatiki dolandyryş, elektrik üpjünçiligi we elektrik-energiýany paýlaýyş, aragatnaşyk, suw üpjünçiligi we suw kesiji, ýangyn söndüriji, kondisioner we howa çalşyk (HVAC) ulgamlary we ş.m bolmalydyr.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Tendere gatnaşmak üçin arza;
  • Kompaniýanyň doly ady, bellige alnan ýurdy, rekwizitleri we telefon belgileri, kompanivanyň işewürligi, gurluşy we tehniki mümjinçilikleri barada gysgaça maglumat bermeli;
  • Kompaniýanyň ýerli bellige alnyşy we ygtyýarnamasy, ýuridik şahs hökmünde hasaba alnandygyny tassyklaýan resminamalary, ynanylan wekilini tassyklaýan resminama we beýleki resminamalary barada maglumat bermeli.
  • Kompaniýanyň soňky 3 ýylyň maliýe ýagdaýy barada maglumat bermeli;
  • Kompaniýanyň soňky 5 ýylyň içinde bu ugurda alyp baran taslamalary, şol sanda müşderileri, şertnamalary, hyzmatdaşlary, şertnamalaryň umumy bahasy barada maglumat bermeli
  • Tehniki howpsuzlygy, zähmet howpsuzlygy hem-de daşky gurşawyň howpsyzlygy üpjün edilenligi baradaky resminamalary görkezmeli
  • Bir ýyllyk kepilligi bermeli
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993 12 44-50-44

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022