13.05.2022
26.05.2022

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy turbalary satyn almak boýunça tender yglan edýär

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy Türkmenistanyň “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn meýdançasynyň çäginde guýulary burawlamak üçin sementleýji gurluşyň şaýlaryny, sütün kellelerini, API standartyna laýyk gelýän turbalary, galyň diwarly turbalary we kükürtwodorada çydamly turbalary satyn almak boýunça №CIT-22009-MR belgili tender yglan edýär

Esasy şertler:

  • Eltip beriş wagty: ähli materiallar iki tapgyrda iberilmelidir: şertnama gol çekilenden soňky 4 aýyň içinde birinji tapgyr materiallar we 2023-nji ýylyň fewral aýynda ikinji tapgyr materiallar tabşyrylmalydyr;
  • Iberýän materiallaryňyzyň görnüşleri köp ýyl bäri önümçilikde giňden peýdalanylýan bolmaly hem-de olaryň ýokary hilliliginiň we howpsuzlygynyň subutnamasy bolmaly;
  • Sütün kellesi dünýä belli bir kompaniýa tarapyndan öndürilen bolmalydyr, sütün kellesi gaz ýataklaryndaky kükürtwodorodа çydamly bolmalydyr. Şeýle hem üpjün ediji buraw meýdançasyna öz inženerini tehniki hyzmat bermek üçin ugratmaly;
  • API standartyna laýyk gelýän turbalaryň, galyň diwarly turbalarynyň we kükürtwodoroda çydamly turbalaryň hilini kepillendirmek üçin, ýylda 1 million turba önümçilik kuwwady bolan dünýa belli uniwersal turba zawody tarapyndan öndürilen bolmaly.

Gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýalar aşakda görkezilen resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşyp biler:

  • Eger Siz (gatnaşyjy) materiallary öndüriji bolsaňyz, Kompaniýaňyzyň esasy işewürligi, hasaba alyş resminamalary, ygtyýarnamasy; önümleriň katalogy; soňky 3 ýylyň dowamynda kärhananyň maliýe ýagdaýy, soňky 3 ýylyň içinde bu ugurda iş tejribesi barada maglumatlary görkezmek bilen tendere gatnaşmak üçin arza tabşyrmaly
  • Eger Siz (gatnaşyjy) materiallary satyjy araçy bolsaňyz, öz kompaniýaňyzyň we öndüriji kompaniýanyň hasaba alyş resminamalary, ygtyýarlandyryş resminamalary, öndüriji kompaniýa tarapyndan ynanç haty, öndüriji kompaniýanyň önümleriniň katalogy we ýyllyk önümçilik kuwwady, soňky 3 ýylyň dowamynda kärhananyň maliýe ýagdaýy we bu ugurda iş tejribäňiz barada maglumatlary görkezmek bilen tendere gatnaşmak üçin arza tabşyrmaly;
  • Önümleriň haýsy standartlara laýyk öndürilýändigini görkezmeli;
  • Hakyky sarp edijileriň hödürlenýän önümler barada teswirleri barada maglumat bermeli;
  • Türkmenistanyň telekeçileri Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde hasaba alnan bolmaly we şahadatnamanyň göçürmesini tabşyrmaly.

Ähli gyzyklanýan kompaniýalar bäsleşik resminamalaryny möhür bilen kepillendirip ugrukdyryjy hat bilen birlikde ýapyk bukjada tabşyrmalydyr. (Bukja 2 sany nusgada taýýarlanylyp, onda hökmany suratda resminamanyň skanirlenen görnüşi bolmaly). Bukjanyň daşky ýüzünde kabul edijiniň ady, iberijiniň ady, bäsleşigiň belgisi we ady görkezilmelidir.

Arzalar bildiriş çap edilen gününden başlap 14 senenama gününiň dowamynda kabul edilýär.

Bellenen möhletden giç tabşyrylan arzalar kabul edilmeýär.

Jogapkär hünärmen: Narine Simonýan

Telefon belgisi: +993 12 44-54-34

Faks: +993 12 44-50-44

Türkmenistan, ş. Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3
Bulary hem okaň
2022