19.05.2022
17.06.2022

Türkmenabat halkara howa menzili bäsleşik yglan edýär

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Türkmenabat halkara howa menzili sanawda görkezilen harytlary satyn almak we hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça açyk bäsleşik yglan edýär:

Harytlary satyn almak boýunça:

1. Howa gämilerine guýulýan TS-1 awia ýangyjynyň süzgüçlerini, ýagny:

  • FAUDI P.3 842/3001388;
  • FAUDI MF 5.1 — 559/8804528;
  • FAUDI P.4-965;
  • FAUDI P.4-727;
  • ЭФК 5/14;
  • CЭ-20Г — 2 (iki) sany;
  • FAUDI RUSSLAND ELEMENT Artikul/3000772;
  • FAUDI M.2-770/6B/3010853;

2.Çimgazon otlarynyň tohumyny.

3. “Adelte” kompaniýasynyň teleskopiki ýolagçy münerleriniň elektropriwodynyň sakladyş ulgamynyň disklerini.

Hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça:

1.Rapiscan rentgen-telewizion enjamlaryny abatlamak we olara tehniki hyzmat bermek.

2.Ýolagçy terminalynda gündelik içki we daşky arassaçylygy ýerine ýetirmek.

3.Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýaňgala obasynyň çäginde ýerleşýän, Türkmenabat Halkara howa menziline degişli bolan 56,0 (elli alty) gektardan ybarat ýer bölegi bilen, şol ýer böleginde ekilen jemi 48139,0 (kyrk sekiz müň bir ýüz otuz dokuz) sany bag nahallaryna agrotehniki talaplara laýyklykda ideg etmek.

4.Türkmenabat Halkara howa menziliniň elektrik ulgamynyň enjamlaryny, ýagny, güýç transformatorlaryny, tok transformatorlaryny, güýjenme transformatorlaryny, gorag-serişdelerini döwlet synagyndan geçirip, gerekli delilnamalary almak.

Açyk bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar, telekeçiler, hususy kärhanalar ýüzlenme haty bilen aşakdaky resminamalary we maglumatlary hödürlemeli:

  • kompaniýa barada gysgaça maglumat, hukuk derejesi, hasaba alnandygy barada resminamalary, ýuridiki salgysy, kompaniýanyň jogapkär wekili, onuň el we iş telefony;
  • kompaniýanyň agzalan ugur boýunça bar bolan tejribesi hakynda maglumatlar;
  • bäsleşige gatnaşjak kompaniýanyň jogapkär wekiliniň ynanç haty;
  • bäsleşige gatnaşmak üçin 1000,00 (müň) manady yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen tölemeli.

Bildiriş berlen gününden açyk bäsleşige teklipler 1 (bir) aýyň dowamynda sagat 09:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Degişli resminamalar Türkmenabat Halkara howa menziliniň marketing we şertnamalar bölümine berilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (422) 9-46-78

+993 (422) 9-47-03

Türkmenabat şäheri, Bagtyýarlyk köçesi
Bulary hem okaň
Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022